Dark
Light
24.01.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

21.01.2026

Röwşen geljege uly ynam bilen gadam basan täze, 2026-njy ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen döwletliliginiň ösüşiň täze tapgyryna çykýandygyny alamatlandyrýar. Şanly ýylymyzyň şygary halkymyzy, aýratyn hem, ýaş nesilleri ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Bu ajaýyp şygaryň mazmunynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär.

Elbetde, bedew at milli ruhuň we ösüşleriň tizliginiň nyşany hasaplanylýar. Ol bu günki gün ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň hem beýanydyr. Türkmen bedewi halkymyzyň taryhy ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly naýbaşy gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, täze ýylymyzyň şygary çuňňur pelsepewi many-mazmuna eýe bolup, onda berkarar döwletimiziň goşa ganaty bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty, taryhy ähmiýeti şöhlelenýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň bady, depgini, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň özeni, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgeleri şu goşa mukaddeslikden gözbaş alýar.

Her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýylyň hem ruhlandyryjy şygaryndan ugur alyp bilim özgertmeleriniň ösüşlerine goşant goşmak, milli watançylygy dabaralandyrmak, bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny ösdürmek, ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak ugrunda çagalar bakja-bagymyzda toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik işleri meýilnamalaýyn esasda geçiriler. Şol sanda dürli usuly-maslahatlarda, halypa-şägritlik gatnaşyklarynda, öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilmeginde, bezeg işlerinde we beýleki guramaçylyk çärelerinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleri wagyz ediler.

Bedew atlaryň mekany bolan ýurdumyzyň üstünliklerini ýaş nesillere pedagogik taýdan dogry düşündirmegiň, milli gymmatlyklarymyzy ündemegiň terbiýeçilik tärleri we häzirki zaman usullary işjeň özleşdiriler. Ýylyň dowamynda geçiriljek medeni-köpçülik çärelere, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak bilen biz – pedagogik işgärler syýasy sowatlylygymyzy ösdüreris, dürli ýerlerde çykyş etmek bilen bedew batly ösüşlerimizi, nesil terbiýesinde gazanylýan üstünlikleri wagyz ederis.

Kümüş ATABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konstitit THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Raýatlaryň eýeçilik hukugy

tehnopark THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täzeçil pikirlenmeleriň meýdançasy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop