Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şoňa laýyklykda, çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt dilleri barada ilkinji düşünjeler berilýär, olary öwretmek üçin bilim we terbiýe bermegiň innowasion usulyndan giňişleýin peýdalanylýar.
Mekdebe çenli ýaşly çagalara rus dilini öwretmek baý terjibäni, yhlasy, guramaçylygy talap edýär. Şu nukdaýnazardan biz hem çagalar bakja-bagymyzda öňdebaryjy iş tejribäni özleşdirmäge, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp sapaklary sanlylaşdyrylan esasda guramaga, usulyýetimizi baýlaşdyrmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga ymtylýarys. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmegiň usulyýetini kämil özleşdirip, sapaklarymyzy berkitmegi, geçilenleri gaýtalamagy öwrediji oýunlaryň üsti bilen amala aşyrýarys. Rus dili sapaklarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä audio we wideo materiallaryň, ekran eserleriniň kömegi arkaly dilden düşündiren temalarymyzyň üstüni ýetirýäris.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan daşary ýurt dili sapaklarynda, okuw-terbiýeçilik işlerinde hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Munuň özi ýurdumyzda bilimiň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň has kämil we netijeli esasda amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Geljekde hem bu ugurdaky işleriň oňyn netijeli bolmagynyň esasyny düzýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýä, hünär kämilligine, çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Gülbahar HALBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiriniň w.w.ý.ý.