Dark
Light
26.01.2026
bitara kita THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026

Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu mukaddes düşünjäniň mazmunyny açyp görkezýän gymmatly gollanmadyr. Bu eseriň mekdebe çenli ýaşly çagalaryň terbiýeçilik işlerinde ornaşdyrylmagy geljekki kämil şahsyýeti kemala getirmekde möhüm ädimdir.

Mekdebe çenli edaralarda bu eseriň öwredilmegi watançylyk duýgusyny kemala getirmekde, dostluk we agzybirlik terbiýesini düşündirmekde, milli gymmatlyklara sarpany beýan etmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki kitapda beýan edilýän maglumatlar we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri çagalara Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy döredýär. Ýaşyl Tugumyzyň arassa asmanymyzda parlamasynyň asuda durmuşyň nyşanydygy körpejelere ýönekeý we düşnükli dilde düşündirilýär.

Kitabyň adynda hem bellenip geçilişi ýaly, «ynanyşmak» we «parahatçylyk» düşünjeleri çagalar bagyndaky terbiýeçilik sagatlarynyň özeni bolup durýar. Bu eser arkaly çagalara diňe bir öz aralarynda däl, eýsem, bütin dünýä halklary bilen dostlukly bolmagyň zerurlygy aňladylýar. Çünki hormatly Prezidentimiz öz eserinde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli däplerine aýratyn üns berýär. Terbiýeçiler bu ýörelgeleri ulanyp, çagalarda agzybirlik, myhmansöýerlik we haýyr-sahawatlylyk ýaly häsiýetleri ösdürýärler.

Çagalar baglarynda bu kitabyň mazmuny esasynda guralýan ýöriteleşdirilen sapaklar körpeleriň dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam edýär. Meselem, parahatçylyk kepderisiniň we Ýer şarynyň şekillerini çekmek arkaly, çagalar Bitaraplygyň dünýä üçin nähili ähmiýetlidigini öz hyýallarynda janlandyrýarlar. Jemläp aýdanyňda, bu eser çagalar bagynda terbiýelenýän her bir körpäniň kalbynda parahatçylygyň gadyryny bilýän, döwletimize we taryhymyza wepaly nesil bolup ýetişmegi üçin ruhy sütün bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby biziň nurana geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.

Mähri ORAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

speka THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

cagalar bagy terbiyeci surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar bagynda rus dilini öwretmegiň usulyýeti

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop