Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy ajaýyp sowgat boldy.
Pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işjeň tagallalary giňden wagyz etmekde, ýaş nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, ata Watanymyzyň halkara abraýy, türkmen halkynyň agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, ýaşaýyş medeniýeti hakynda giňişleýin söhbet edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrýar» diýip belleýär. Şu jähetden, bu ajaýyp kitabyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.
Biz hem «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi hem-de ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdyň geljege gönükdirilen belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Akjemal MÄMMEDGYLYJOWA,
Daşoguz şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.