Dark
Light
26.01.2026
speka forumy THE ASHGABAT TIMES

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny peýdalanmak arkaly multimodal sanly geçelgeleri döretmek boýunça anyk ädimleri kesgitläp, SPECA ýurtlarynyň halkara söwda ulgamyna işjeň goşulyşmagyny gazanmak gün tertibinde durýan esasy mesele boldy.

Bitarap Türkmenistan 28 ýyl mundan ozal sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen mehanizm hökmünde döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Azerbaýjan bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Çünki söwda diňe bir ykdysady gural bolman, eýsem, ýurtlary birleşdirýän köpri, umumy ösüşiň tizleşdirijisi, pugta hyzmatdaşlygyň binýady hem hasaplanýar. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň SPECA gatnaşyjy döwletler bilen umumy söwdasynyň möçberiniň 2,2 milliard amerikan dollaryndan geçmegi-de bu ugurdaky tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunda sebit ýurtlarynyň Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyndaky paýynyň 11 göterime çenli ýetendigini bellemek gerek.

Özara bähbitli ulag ugurlarynyň ösdürilmegi, söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy ýurtlaryň ykdysady taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm çelgileridir. Şoňa görä, SPECA ýurtlary, şol sanda biziň döwletimiz hem söwda amallaryny kämilleşdirmek arkaly Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen SPECA ykdysady forumynda hut şu ugurda amala aşyrylýan işlere ser salnyp, BSG-ä girmekde ýurtlaryň toplan tejribeleri barada pikir alşyldy.

Umuman, türkmen paýtagtynda geçirilen SPECA ykdysady forumy ulag, energetika, söwda, sanlylaşdyrma ýaly strategik ugurlarda dialogy ilerletmek, tagallalary birleşdirmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegi babatda iş meýilnamalaryny düzmek üçin giň mümkinçilikleri açdy. Onuň ahyrynda maksatnama gatnaşýan käbir ýurtlaryň, şeýle-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň jogapkär wekilleri tarapyndan jemleýji beýanatlar beýan edilip, gelnen netijelerdir berilýän maslahatlar foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Magtymguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

speka THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

bitara kita THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop