Dark
Light
28.01.2026
img 0101 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Airlines halkara aragatnaşygy güçlendirýär

28.01.2026

Türkmen howa ýollary 25-nji ýanwardan täze halkara uçuş tertibine geçip, Aşgabatdan Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogaryň 14 iri şäherine gönüden-göni howa gatnawlaryny giňeltdi.

Täzelenen tertip boýunça awiakompaniýa Ýewropanyň ykdysady merkezlerine — London, Frankfurt, Milan; Aziýanyň möhüm şäherlerine — Pekin, Bangkok, Ho Şi Min, Kuala-Lumpur, Seul, Deli; şeýle-de Ýakyn Gündogaryň iri ugurlaryna — Dubaý, Abu-Dabi, Jidda şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Mundan başga-da, Stambul we Kazan ugurlary arkaly Türkiýe we Russiýa bilen durnukly howa aragatnaşygy üpjün edilýär.

Uçuş ýygylyklary islege görä sazlandy

Stambul we Kazan ugurlary iň köp isleg bildirilýän gatnawlar bolup galýar. Pars aýlagynyň şäherlerine hepdede 7 gezek çenli uçuşlar ýerine ýetirilýär.
Ýewropa ugurlary hepdede iki gezek, Aziýa ugurlary bolsa islege görä bir ýa-da iki gezek hyzmat edýär.

Aşgabat halkara geçelgesini güýçlendirýär

Mundan ozal, 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça goşmaça hepdelik uçuş girizildi. Bu ädim paýtagtyň halkara tranzit merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirilýär.

Türkmenistan Airlines tarapyndan amala aşyrylýan giňeltmeler ýurduň halkara ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmaga, syýahatçylyk we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

energo 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Instituty 5-nji Açyk Halkara Internet Olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

Soňkylar Habar

GitTop