Dark
Light
28.01.2026
mbo 9076 THE ASHGABAT TIMES

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa geçirmek barha işjeňleşýär. 

Ýeri gelende bellesek, bu resminamadan ugur alnyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw maksatnamasy esasynda geçilýän sapaklaryň hem okadylmagy kämilleşdirilýär. Sapaklaryň okadylyşynyň kämilligini gazanmakda bolsa terbiýeçileriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, iş tejribesiniň artdyrylmagy we usuly taýýarlyklarynyň kämilleşdirilmegi hem möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz hem öz üstümizde yzygiderli işlemek bilen, usuly taýýarlygymyzy we tejribämizi artdyrmaga çalyşýarys.

Çünki bu Konsepsiýada Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň, duýgularynyň, sosial-emosional, ownuk hereketleriniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen,terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä iş tejribesine laýyklykda guramak dowam etdirmek ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak we olary mekdebe taýýarlamak ugrunda meýilnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmäge çalyşýarys.

Biz hem geçýän sapaklarymyzda gün pursatlarynda sanlylaşdyrylan serişdelerden we dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryndan netijeli peýdalanyp çagalara sowat öwretmekde, milli we döwrebap ruhda terbiýelemekde okuw-terbiýeçilik işlerini sazlaşykly guraýarys. Bu ugurda çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän usuly sagatlarda hem täze çemeleşmeler, usulyýetiň täze gazananlary bilen tanşyp, sapaklarymyzda öwrenenlerimizi özleşdirýäris.

Merjen PÄLWANOWA,
Wekilbazar etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi we iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0101 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan Airlines halkara aragatnaşygy güçlendirýär

Вепа Джумаев
Next Story

PFK «Aral» ilkinji gezek legioner futbolçyny kabul etdi: Wepa Jumaýew toparyň täze agzasy boldy

Soňkylar Makalalar

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,
GitTop