11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşyga taýýarlyk görülýär. Bu möhüm sport wakasynyň hormatyna Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy «Nusaý» brendi astynda sport köýnekleriniň ýörite we çäkli tapgyryny öndürmäge başlady.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen janköýerleri üçin ýörite dizaýn edilen bu köýnekler ýokary hilli we arassa nah matadan tikilýär. Sport lybaslarynyň öň tarapynda «Arkadag» toparynyň ady, arka ýüzünde bolsa 2026-njy ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly ýazgy ýerleşdirilendir.
Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy häzirki wagtda diňe bir ýerli däl, eýsem halkara sport äleminde hem uly abraýa eýedir. Kärhanada eýýäm uzak wagtdan bäri FIFA we UFC ýaly dünýä derejeli guramalaryň nyşanly önümleri üstünlikli öndürilip gelinýär. Toplumda tikilýän ýokary hilli sport eşikleri diňe bir ussat türgenleriň däl, eýsem işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan raýatlaryň hem söýgüli önümlerine öwrüldi.
Täze çykaryljak sport köýnekleri toplumy futbol muşdaklary üçin geljekki oýnuň ýatda galyjy sowgady we taryhy pursady bolar.