Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň sport durmuşy uly ösüşlere we taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň berk binýadyna öwürdi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaş nesilleri kämil bedenli we ruhubelent edip terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport toplumlary, ýöriteleşdirilen mekdep-internatlary we şypahana binalary halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň belent nusgasydyr.
Türkmenistan bu gün diňe bir ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde däl-de, eýsem iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekany hökmünde hem dünýä tanaldy. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň işjeň agzasy hökmünde döwletimiz sporty wagyz etmekde we ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzyň futbol taryhynda täze sahypa açjak şanly wakanyň — 11-nji fewralda geçiriljek “Arkadag” we “Al-Nasr” futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu bäsleşik diňe bir ýönekeý oýun bolman, eýsem türkmen sportunyň halkara derejesindäki täze bir dabaralanmasy, milli futbolymyzyň dünýäniň iň güýçli toparlary bilen bäsleşmäge ukyplydygynyň subutnamasy bolar.
Halkara tejribesini artdyrmak we ýaşlarda sporta bolan gyzyklanmany has-da ösdürmek üçin döredilýän bu mümkinçilikler geljekde täze-täze ýeňişleriň gözbaşydyr. Saglyk – ynsan ömrüniň iň gymmatly baýlygy bolsa, sport şol baýlygy gorap saklamagyň we kämilleşdirmegiň iň netijeli ýoludyr. Şeýle belent sepgitleriň eýelenmeginde, halkara gatnaşyklarynyň berkidilmeginde we türgenlerimiziň ussatlygynyň ýokarlanmagynda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny we belent tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby