Dark
Light
30.01.2026
Deutsche

Germaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Hukuk we Konsullyk bölümi üçin işgär gözleýär

30.01.2026

Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň maý aýyndan başlap Hukuk we Konsullyk bölüminde işlemek üçin bir ýa-da iki sany işgär kabul etjekdigini mälim etdi.

Ilçihananyň maglumatyna görä, täze işgärleriň esasy wezipeleri ýüz tutujylar bilen göni aragatnaşykda bolmak we konsullyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşmakdan ybarat bolar.

Esasy iş ugurlary şulardan ybarat:

  • Nemes, türkmen we rus dillerinde ýüz tutujylary kabul etmek
  • Wiza arzalaryny kabul etmek we olary işlemek
  • Ýüz tutujylar bilen hat alyşmak we telefon arkaly habarlaşmak
  • Wiza resminamalaryny tertiplemek we arhiwlemek

Ilçihana bu wezipä gyzyklanma bildirýän dalaşgärleri giňişleýin maglumat bilen tanyşmak üçin resmi web sahypasyna ýüzlenmäge çagyrýar. Barlag üçin baglanyşyk Ilçihananyň profilinde ýerleşdirilen.

https://aschgabat.diplo.de/tm-ru

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0114 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda rus-türkmen gatnaşyklary boýunça duşuşyk geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop