Azerbaýjanyň ADA Uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda ýokary derejeli wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň bilim diplomatiýasynyň täze mümkinçiliklerini açýan möhüm çäre hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Çärä ADA Uniwersitetiniň prorektory Fariz Ismayilzada, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gulşat Ýusupowa, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Kismat Gozalow hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, ony has-da giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Taraplar ylym, bilim we akademiki hyzmatdaşlyk ugurlarynda täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Azerbaýjan–Türkmenistan Hökümetara bilelikdäki toparynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigi, bilelikdäki taslamalaryň we akademiki çäreleriň iki ýurduň ýaşlaryna täze mümkinçilikler açýandygy aýratyn bellenildi.
Taraplaryň arasynda baglaşylan Ähtnama laýyklykda, duşuşykda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek teklip edildi:
- bilelikdäki ylmy-amaly konferensiýalar, leksiýalar we seminarlar geçirmek,
- mugallym we talyp alyş maksatnamalaryny giňeltmek,
- tejribe alyşmak boýunça täze platformalar döretmek,
- ylmy neşirçilikde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek.
Duşuşykda türkmen diplomatlarynyň we talyplarynyň ADA Uniwersitetindäki okuw maksatnamalaryna gatnaşmagynyň üstünlikli dowam edýändigi hem bellenilip, bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de giňeldilmelidigi nygtaldy.