Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Çünki bu ulgamdaky özgertmeler ýokary hünär derejeli ýaşlary ýetişdirmäge, ylmy-tehniki ösüşi höweslendirmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, onuň ählumumy bilim we ylym ulgamlaryna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdumyzy beýgeltjek hem-de gülletjek oglan-gyzlarymyzdyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilenkabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, saglyk merkezleri ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär.
Her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgat — «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Munuň özi interaktiw-multimedia usulynda sapaklary geçmek boýunça tejribeleriň barha kämilleşýändigine, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalarynyň has-da artýandygyna, netijede, bilimiň hiliniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem bilim ulgamynda täze üstünliklere, ýeňişlere ýetmäge hyjuwlandyrýar. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmäge, çuňňur bilimli nesilleri ýetişdirmäge aýratyn üns berip, biz ― mugallymlara uly ynam bildirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gülüstan REJEPOWA,
Saýat etrabynyň bilim bölüminiň hünärmeni.