Düýn, 30-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Taýýarlanan teklibe laýyklykda, Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri, hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglary höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek teklip edilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli hem-de halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak, Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».