Dark
Light
01.02.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem öňde maksat edinilen okuw-terbiýeçilik işleri, göz öňünde tutulýan usulyýet ugurly çäreler giň gerim alýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alyp kabul edýän çözgütleri biziň — bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň täzeçe, kämil usullaryndan peýdalanylmagy çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeleriň başlangyç bilim derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim we terbiýeçilik işlerinde çaganyň irki ösüşinden başlap, mekdebe taýýarlyk döwrüni hem häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp barmak has netijelidir. Hususan-da, innowasiýalara we kämil tejribelere esaslanyp geçirilýän okuw sapaklary çagalaryň gyzyklanmasyny, işjeňligini artdyryp, olaryň tebigy zehininiň ýüze çykmagyna esas bolýar.

Mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin bilim edaralarynyň işi ýaş nesliň köpçülige goşulyşmagyna, özbaşdaklygynyň ösmegine, tertip-düzgünlere uýgunlaşmagyna ýardam edýän howpsuz, mähirli gurşawy döretmeklige esaslanýar. Bu maksatlarda işleriň esasy ugurlary her bir çaga aýratyn çemeleşme, duýgy rahatlygyny goldamak, aragatnaşyk başarnyklaryny öwretmek, özüne ideg etmek we maşgala bilen ýakyn gatnaşyklar bolup durýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew-batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem döwrümiziň belent ruhundan we ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp, çagalar bakja-bagymyzda okatmagyň kämil usullary arkaly bilim bermekde işjeňligimizi has-da artdyrarys. Bilim ulgamynyň işgärlerine yhlasly, döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Dursun AMANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 0114 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda rus-türkmen gatnaşyklary boýunça duşuşyk geçirildi

Deutsche
Next Story

Germaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Hukuk we Konsullyk bölümi üçin işgär gözleýär

Soňkylar Makalalar

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.

Ýylymyzyň şygary – bilim üstünliklerine badalga

29.01.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany»

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Täze güýç, täze ynam bilen

28.01.2026
Täze ruh, täze güýç, täze ynam bilen 2026-njy ýyla gadam basdyk. Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla
GitTop