Dark
Light
31.01.2026
237c45bf 3904 4f2b ad17 ecfe18c27251 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Özbegistan suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

31.01.2026

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýanyň bäşinji mejlisi geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň suw hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

c136a453 2423 4a16 bd36 524ebec6ee60 THE ASHGABAT TIMES

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Täçmyrat Atahallyýew ýolbaşçylyk etdi. Özbegistan tarapyndan bolsa Prezidentiň oba hojalygyny ösdürmek boýunça geňeşçisi Şuhrat Ganiýew gatnaşdy. Çärä iki ýurduň suw serişdelerini dolandyrmak, irigasiýa, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça jogapkär döwlet edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

2614ffdc 5307 4d10 bff1 735978015440 THE ASHGABAT TIMES

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, suw hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Taraplar diňe bir suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça däl, eýsem ykdysadyýet, infrastruktura we ynsanperwer ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

1ad8de2a 3654 449d 85f6 0651cca5a906 THE ASHGABAT TIMES

Mejlisiň dowamynda suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylyşy, sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde hem yzygiderli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we bilelikdäki komissiýanyň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap baydaklar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Soňkylar Habar

GitTop