Türkmen talyplary şu ýylyň 25 ― 29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO ― 2026) hem-de Halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO ― 2026) üstünlikli çykyş edip, 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç, jemi 46 medal gazandylar.
Halklara ders bäsleşiklerine Özbegistan, Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Azerbaýjan, Iordaniýa we Täjigistan ýaly 10-dan gowrak ýurtdan talyplaryň 500-den gowragy, şeýle hem 100-den gowrak topar gatnaşdy. Olimpiadalar şahsy we toparlaýyn tapgyrlarda guralyp, talyplar matematika we himiýa dersleri boýunça özara bäsleşdiler.
Mundan başga-da, bäsleşikleriň dowamynda professor-mugallymlar takyk ylymlary öwretmegiň usulyýeti boýunça pikir-tejribe alyşdylar. Gadymy Buharanyň taryhy ýadygärliklerine guralan gezelenç bolsa ýakymly täsirleri galdyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».