Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar.
Biz hem bakja-bagymyzda çagalaryň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn kemala getirilmegi, irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça okuw-terbiýeçilik işleri babatda tejribelerimizi artdyrmaga çemeleşýäris. Çünki çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmakda ilkinji bilim binýadynyň berk bolmagy möhüm bolup durýar. Gün tertibine laýyklykda irki maşklarda, gezelenç döwürlerinde, hereketli oýunlarda we bedenterbiýe sapaklarynda, beýleki sapaklaryň dynç alyş pursatlarynda, sport ýaryşlarynda we beýleki çärelerde çagalaryň sagdyn ösüşini gazanmak babatda işleri guramak bilen sagdyn-drumuş ýörelgesini wagyz etmäge çalyşýarys.
Beýleki terbiýeçilik çäreleriniň üsti bilen bolsa çagalary milli watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemek biziň terbiýeçilik işlerimiziň özenini düzýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesine, döwrümiziň häzirki zaman däplerine mahsus kemala getirmekde dürli gyzyklanma çärelerine, bäsleşiklere, säherliklere gatnaşmak bilen aýratyn zehinli çagalaryň ýüze çykarylmagyny, olaryň başarnyklarynyň baýlaşdyrylmagyny gazanýarys. Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerine we görkezijilerine laýyklykda aýratyn işleri geçirmek, ata-eneler bilen bilelikdäki çäreleriň netijeliligini gazanmak, mekdep bilen bilelikdäki iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek hem çagalaryň hünäre ukyply ýetişdirilmegine itergi berýär.
Bagtyýar nesilleri terbiýelemek işinde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Patma MÄMMEDOWA,
Mary şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.