«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis dilini has çalt öwrenerkäm?» diýen ýaly sowallary köp adamyň, aýratyn hem, işe, okuwa täze başlaýan ýaşlaryň dilinden ýygy-ýygydan eşitmek bolýar. Çünki iňlis dili dünýäde häzirki wagtda giňden ulanylýan dil bolansoň, ony ýeterlik derejede bilmezden üstünlik gazanmak, öňde goýan maksadyňa ýetmek, şeýle-de ylym-bilimde has çuňlaşmak asla mümkin bolmajaga meňzeýär. Şonuň üçin hem «Başlamak — işiň ýarysy» diýlen pähimden ugur alyp, ilkinji nobatda edilmeli iş — BAŞLAMAK.
«Daşy deşýän suwuň güýji däl-de, damjalaryň dowamlylygydyr» diýlişi ýaly, diňe bir iňlis dilini däl, eýsem, ähli beýleki daşary ýurt dillerini öwrenmek hem yzygiderliligi talap edýän iş. Her gün, her pursatda öz maksadymyza tarap bir ädim ätsek, ine, şonda biz maksadymyza ýetýändiris. Ýogsam, aýda-ýylda ýadymyza düşen güni iňlis dili okajak bolup ýörmek netijeliligi hem-de höwesi pese gaçyrýar. Şonuň üçin her gün belli sagatlarda däl-de, günüň tutuş dowamynda dürli işjeňlikleri ýerine ýetirmek bilen iňlis dilini öwrenmek has ýeňil düşýär. Lezzet alyp öwrenmeklik bolsa has-da netijeli bolýar. Eger ýanyňyzda başga-da öwrenýän bar bolsa günüň dowamynda onuň bilen azda-kände iňlis dilinde gürleşmäge çalyşmaklyk hem peýda berýär. Iňlis dilindäki gazetleri (Mysal üçin, «Neutral Turkmenistan») okamak, aýdymlar diňlemek dil öwrenmegiň günboýy dowam etmegine ýardam eder.
Dil janly zat bolansoň, ol diňe okalmak ýa-da ýazylmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň esasy aýratynlygy gürlenilmegidir. Eger-de sözlemek endigimiz bolmasa, onda bu dil işjeňlikden ýitýär. Sözlemek endigini gazanmak üçin bolsa köpräk diňlemek gerek. Çünki ýaňy dünýä inen çaganyň ilkibada gulagy özüniň ene diline, ýagny şonuň daş-töwereginde gürleşilýän dile öwrenişýär. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, onuň özi hem şol gürleşilýän dilde ilki sesleri, soňra bogunlary we ýönekeýje sözleri aýtmaga başlaýar. Eger-de çaganyň diňleme ýüki ýetmese, ol asla gürlemäge başlamaýar. Şonuň üçin hem çagalaryň ýanynda köp gürleşmeklik, emma dogry gürleşmeklik, oňa ähli zatlaryň adyny dogry tutup öwretmeklik talap edilýär.
Eýsem, bu ýagdaý uly adamlar babatynda, ýagny ikinji, üçünji dilleri öwrenmek isleýänler babatynda nähilikä? Uly ýaşly dil öwrenijiler öwrenýän daşary ýurt dillerinde köp-köp maglumatlary diňlemelidirler. Muňa mysal hökmünde, şol dildäki audio ýazgylary, teleradio gepleşiklerini diňläp, filmlere tomaşa edip bilerler. Eger mümkin bolsa şol diliň gürleşilýän ýerine gezelenje gidip bilerler. Okamak we ýazmak barada aýdylanynda bolsa, wagtyň geçmegi bilen näçe köp okadygymyzça, şonça-da ýazuw kämilligimiziň artýandygyna göz ýetireris.
Bägül GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň daşary ýurt dilini (iňlis dilini) çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.