Dark
Light
04.02.2026
2026 02 04t11 20 41 b327b9a7 565b 4ebc 835d e2a131c035e9 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň mejlisine gatnaşdy

04.02.2026

Şu ýylyň 31-nji ýanwary bilen 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriniň maslahatynyň 52-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde geçiriljek Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň (DIMG) 52-nji mejlisiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry boldy.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, wekiliýet tarapyndan «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde orny» atly kararnamanyň taslamasy hödürlendi. Bu resminamanyň Bagdatda geçiriljek ministrler derejesindäki maslahatda kabul edilmegi maksat edinilýär.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütleriň taslamalaryny taýýarladylar. Maslahatyň jemleri boýunça daşary işler ministrleri üçin niýetlenen iş maksatnamasynyň üstünde işlenildi we geljekki mejlisiň gün tertibine giriziljek esasy meseleler ylalaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0447ae932ae0617fa4b46cb75695887b68442a46a0054577260549 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ronaldo ýeňiş gazandy: Portugaliýaly ýyldyz «Al-Nasr» klubunda galýar

2026 02 04t11 52 24 8feb2c93 b500 4fb5 afbf 4922debb2caf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat dokma toplumynyň önümleri täze möwsümde uly islege eýe bolýar

Soňkylar Habar

GitTop