Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak prosesinde okuwçylaryň arasynda özara hormat we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, olaryň geljekde jemgyýetde bitewi we agzybir bolup ýaşamagynyň girewidir.
Dostluk — durmuşyň bezegi, ynsanyň iň uly baýlygydyr. Şoňa görä-de, dostluk terbiýesi her bir sapagyň mazmunyna ornaşdyrylyp bilner. Mugallym sapakda diňe bir maglumat beriji däl, eýsem, dostlugyň nusgasyny görkezýän terbiýeçi hökmünde çykyş edýär. Okuwçy özüni dostlukly we goldaw berilýän gurşawda duýsa, onuň bilime bolan höwesi hem artýar.
Sapaklaryň dowamynda okuwçylaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin toparlaýyn işlemek, psihologik oýunlar, özara goldaw ýaly usullary ulanmak netijelidir. Şunda okuwçylary toparlara bölüp, olara bilelikde çözmeli meseleleri bermek dostluk düşünjesini berkidýär. Okuwçylar bir-birine kömek etmegi we umumy maksat üçin birleşmegi öwrenýärler. Sapakda ýetişigi pesräk okuwçylara öz deň-duşlarynyň kömek etmegini guramak usuly hem güýçli okuwçylarda mähirlilik we jogapkärçilik, beýlekilerde bolsa ynam döredýär.
Edebiýat sapaklarynda nusgawy şahyrlarymyzyň agzybirlik, dostluk baradaky goşgulary seljerilende, taryhy wakalar arkaly halkymyzyň doganlyk gatnaşyklaryny nusga hökmünde görkezilse, dostluk gatnaşyklarynyň taryhy beýanyny görkezýär. Sapaklaryň arakesmelerinde ýa-da terbiýeçilik sagatlarynda «Dostumyň gowy häsiýeti», «Bilelikde köpri guralyň!» ýaly oýunlar arkaly okuwçylaryň biri-birine bolan ynamyny artdyrmak hem netijeli terbiýeçilik usulydyr.
Sapakda dostluk terbiýesiniň berilmeginde mugallymyň şahsy nusgasy örän möhümdir. Mugallym okuwçylaryň ählisine deň garap, olaryň arasynda bäsleşigi däl-de, hyzmatdaşlygy öňe sürmelidir. Bir okuwçynyň üstünligine tutuş synp bolup begenmegi öwretmek — bu hakyky dostluk terbiýesidir. Jemläp aýdanyňda, sapaklarda dostluk we doganlyk terbiýesiniň berilmegi, ýaşlaryň diňe bir sowatly däl, eýsem giň göwünli, ynsanperwer we agzybir bolup ýetişmegine ýardam edýär. Dostlukly synpda alnan bilim has kämil we dowamly bolýar.
Roza KURBANBAÝEWA,
Farap etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy.