Aşgabat, 2026-njy ýylyň 4-nji fewraly – 2026-njy ýylyň 2–4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeselli göwreli aýallara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak we ftiziatriýa gullugy bilen utgaşykly hereket etmek meselelerine bagyşlanan üç günlük seminar geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan bu çäre lukmanlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Seminara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri, M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň işgärleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan akuşer-ginekologlar, reproduktologlar we ftiziatrlar, şeýle hem welaýatlaryň Ene we çaga saglygyny goraýyş merkezleriniň we saglyk öýleriniň lukmanlary gatnaşdylar.
Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar göwreli aýallarda inçekeseli anyklamagyň we bejerginiň halkara protokollaryny, şol sanda çaga dogurtmagyň taktikasy, inçekesele garşy döwrebap derman serişdelerini ulanmak we ene süýdi bilen iýmitlendirmek protokollaryny öwrendiler. Bu kliniki standartlaryň hem-de akuşer-ginekologiýa we ftiziatriýa gulluklarynyň utgaşykly işlemegi boýunça mehanizmiň üstünde işlenilmegi, ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini standartlaşdyrmaga we milli hem-de sebit derejesinde ene we çaga saglygynyň görkezijilerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.