Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgy setirleri halkymyz üçin ruhy hem edebi gymmatlykdyr,tükeniksiz genji-hazynadyr. Ol ruhy kämilligin, nogsanlyklara garşy göreşmegiň milli mekdebidir, ylym-bilimiň nusgasydyr. Munuň seýledigine pähim, paýhasyň ummany dana Pyragynyň çeper döredijiligi bilen içgin tanyşan her bir ynsan göz ýetirse gerek.
Magtymguly atamyzyň döredijiligi aň ýetirerden has çylşyrymly hem giden syrly dünýädir. Onuň gysby setirleriniň many çuňlugyny, ýaýrawyny ummanlara deňemek bolar.Sozümi şahyryň şu parasatly setirleri bilen tassyklasam ýerlikli bolar:
Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk
Asly ýaman bolsa çykmaz ýagşylyk
Aşlyga dartadyr ýüwrük çamanlyk
Ýüwrükni çamanga satyjy bolma
Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” kitabynda belleýşi ýaly, Magtymguly atamyzyň döreden şygyrlary ynsan kalbynyň oçmejek nury bolup älem-jahany ýagtylandyrýar. Häli göwunleriň hem döwürleriň şahyry bolan Pyragynyň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga çaksiz söygi örboýuna galýar. Hut şonun üçin hem, akyldar şahyryň döredijiligi türkmen edebiýatynyň josup Duran durnagöz çesmesine deňelýär.
2024-nji ýyl Pahim-payhas ummany–Magtymguly Pyragy ýylymyzda Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dana Pyragynyn adamzady agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan şygyrlary parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderi mysaly ganat ýaýyp, bütin dünýäni aýlanýar.
Muhammedaly KERIMOW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby