Dark
Light
24.01.2026
turkmen halk matallary eqwsg4fvke THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMEN HALK MATALLARY

13.03.2024

Mataljygym man eken.
Dyrnajygy on eken.
Dilewar-a, dilewar,
Dil üstüniň meňi bar. (Gapan)

Men barýardym hol baýak,
Elimde ýylgyn taýak.
Bir ajaýyp zat gördüm,
Bir kellede müň gulak. (Ýüň darak)

Meniň jigim garaja,
Garaja donly töreje.
Geliň, görüň ojakda,
Her dürlüje saçakda. (Gazan we nahar)

Öýümde bir saky bar,
Durar ojak başynda.
Geregiňi alarsyň,
Oturyp onuň gaşynda. (Saçak)

Pessejik ýerden gün dogar. (Çyra)

Seretdigiň ýüzüne,
Surat düşer gözüňe. (Aýna)

Şeýtanyň şerinde,
Adamyň elinde,
Alty aýagy bar,
Guýrugy bilinde. (Terezi)

Çynar NURMÄMMEDOWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistanly kinorezissyorlar buharada magtymguly pyragy barada dokumental film surata dusurerler 1a6cik6ghe THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragy

ipek bocegi yuek gurcugy silk resized 64381 ea75b87c1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tut ýüpek gurçugynyň pilesiniň görnüşleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop