Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Söz älemi” atly halkara okamak bäsleşigi geçiriler

13.03.2024

Nury Halmamedow adyndaky halkara VIII Moskwa sungat festiwalynyň guramaçylalry “Sözler älemi” atly halkara okamak bäsleşigine dalşgärleri kabul edip başlandygyny habar berdi. Halkara bäsleşik doly wagtlaýyn güni we habarlaşma görnüşinde hem geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady Magtymguly Pragynyň edebi döredijiligini we Orta Aziýa we ÝAkyn Gündogara bagyşlanan rus edebiýatynyň eserlerini wagyz etmek, ýaş nesli milli medeni gymmatlyklara hormat goýmagy we olara ideg etmegi, okamaga gyzyklanma döretmek we okyjynyň gözýetimini giňeltmekdir.

Bäsleşigiň meýilnamasynda, poeziýa we edebiýat arkaly iň gowy adam häsiýetlerini terbiýelemek: raýatlyk, ruhubelentlik, watançylyk, köpmilletli Watana bolan söýgi we hormat, okamak ukybyny, aktýorlyk ukyplaryny, ýaşlarda çeper aňlatmaga gyzyklanma döretmek, şeýle hem zehinli çagalary we ýaşlary ýüze çykarmak we goldamakdyr.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji oktýabr aralygynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler, festiwal.sounds-of-dutar@mail.ru e-poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.

Bäsleşigiň emin agzalary bolup Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň medeni we sungat işgärleri, teatr we kino sungat işgärleri, professorlar, teatr uniwersitetleriniň mugallymlary çykyş ederler.

“Sözler älemi” atly okyjylaryň halkara edebi bäsleşigini geçirmegiň tertibi barada düzgünler http://dutar-sounds.ru/ru/contests/poem-recitation-competition.html

HHM

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:43 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistan “KazanForum 2024” -e gatnaşmaga taýýarlanýar

Next Story

A siz bulary bilýärdiňizmi ?

Soňkylar Habar

GitTop