Dark
Light
24.01.2026
cocuk icin oyun nedir neden onemlidir THE ASHGABAT TIMES

Türkmen milli oýuny “Guşakgoýdy”

15.03.2024

Oýnuň oýnaljak ýeri we oňa degişli serişdeler. Oýny sport meýdançalarynda ýa­da sport öýünde oýnamak bolýar. Oýny oýnamak üçin degende tenini agyrtmaz ýaly, gowşak işilen guşak gerekdir.

Oýna taýýarlyk. Oýunçylar öz aralarynda bije atyşyp, birini guşakçy edip saýlaýarlar. Galanlary bolsa biri­birlerinden bir ädim uzak lykda tegelenişip, tegelegiň içine seredip, çommalyp oturýa

Oýnuň oýnalyşy. Ýolbaşçynyň rugsady bilen guşakçy elindäki guşak bilen oturanlaryň daşyndan aýlanyp başlaýar. Guşagy haýsy hem bolsa bir oýunçynyň arkasynda duýdurman goýýar­da, oturan-laryň daşyndan aýlanmagyny dowam etdirýär. Guşakçy öwrülip gelýänçä, oýunçy arkasynda goýlan guşagy duýmasa, onda guşakçy ony goýlan guşak bilen bir gezek urup, guşagy gapdala zyňyp goýberýär we tegelegiň daşyndan ylgap, guşak goýlan oýunçynyň ýerini eýele-mäge synanyşýar. Guşak bilen urlan oýunçy zyňlan guşaga tarap yl-gap, guşagy alyp, öňki guşakçynyň yzyndan ylgap ýetmäge we guşak bilen urmaga synanyşýar. Eger­de yzyndan ylgap ýetip, guşak bilen urup bilse, onda öňki guşakçy guşakçylygyny dowam etdirýär. Eger­de ýetip bilmese, onda ol guşakçy bolýar. Eger­de oýunçy yzynda guşak goýlanyny duýaýsa, onda guşagy alyp, guşakçynyň yzyndan ylgaýar. Ol öz ýerine guşakçy geçip oturýança ýetse, onda ony guşak bilen urýar we öňki guşakçy ýene­de guşakçylygyna galýar.

Oýnuň düzgünleri:

  1. Oýunçylara yzyna seretmek we yzynda guşak goýlan oýunça bu barada duýdurmak bolmaýar.
  2. Guşak bilen urlanda agyrtmaz ýaly, ol gowşak işilen bolmaly.
  3. Oýunçylaryň ýagyrnysyndan başga ýerine urmak bolmaýar.
  4. Eger oýunçylaryň biri “arkamda guşak goýuldy” diýip, bilmän tursa, yzyna gaňrylyp seretse we ş. m. hereket etse, ol guşakçy bolýar.

Aýperi GAHRYMANOWA
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen Oba Hojalyk
Uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

486452 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2024-nji ýylyň 10-15-nji martynda Sankt-Peterburgdaky Irki gatyşmak institutynyň ýerine ýetiriji direktory we ÝUNISEF-iň konsultanty Ýewgeniýa Ýermolaýewa Türkmenistana sapar etdi.

210317 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Nowruz” – baharyň, owadan gülleriniň we ajaýyp reňkleriň baýramydyr

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop