Dark
Light
25.01.2026
annotation 2024 05 10 195113 THE ASHGABAT TIMES

Ýaponiýada syçan krizisi: 100 müňden gowrak gaplanan çörek konfiskasiýa edildi

10.05.2024

Ýaponiýada käbirlerinde syçan galyndylarynyň tapylmagy sebäpli 100 müňden gowrak gaplanan çörek konfiskasiýa edildi.

THE ASHGABAT TIMES

Ýaponiýanyň iň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan Pasko Şikişima tarapyndan öndürilen gaplanan çörekleriň ikisinde syçan galyndylary tapyldy. Kompaniýanyň beren beýanatynda bu wakanyň 5-nji we 7-nji maýda müşderiler tarapyndan iberilen elektron poçtalary sebäpli ýüze çykandygy aýdyldy.

Soňky habarlardan soň, bazardan möhleti 7-11-nji maý aralygynda bolan jemi 104 müň paket çöregiň ýygnalandygy mälim edildi.

Beýannamada “Müşderilerimizden, işewür hyzmatdaşlarymyzdan, degişli adamlardan we guramalardan ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys. Bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin elimizden gelenini ederis we hil gözegçiligimizi hasam kämilleşdireris”.

Bu waka bilen baglanyşykly hiç hili saglyk problemasy ýüze çykmandygy nygtalsa-da, şikaýat edilýän çörekleriň öndürilen Tokionyň zawodynda önümçiligiň wagtlaýyn togtadylandygy we düýpli derňewiň başlandygy aýdylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

scale 1200 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geometriýanyň taryhynda uly yz goýan grek alymy

4571528 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Eýran tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has hem güýçlendirýär

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop