Eger-de biz şertli ýagdaýda gadymy adamyň belli bir ýaşaýyş döwrüni onuň öz güzeranyny hiç kese mätäç bolman, diňe güýjüne daýanyp amal edýän görnüşde göz öňüne getirsek, onda edil şeýle şertlilikde oňa hiç kes bilen aragatnaşykda, jemgyýetçilik baglanşykda bolmaýan häsiýetnamany ýöňkemeli bolarys. Eýýäm awy diňe özüne mehzeşler bilen bilelikde awlamak zerurlygy onuň tutumynda bir-birege sesli-hereketli düşünişmek, aragatnaşykda bolmaklygy döredýär. Awçylygyň has kämilleşiş derejesinde awa bukuda -garymda garaşýanlar we awy olara tarap kowanlar biri-biri bilen göze görünmeýän, emma hakyky psihologikarabaglanyşykda, gatnaşykda bolýarlar.
Zähmetiň adamlaryň toparlarynyň arasynda paýlaşylmagy, bir önümi öndürýän toparyň ikinjini öndürýän bilen haryt alyş-çalşygyna goşulmagy, toparlaryň parahatçylykly ýaşaşmagyna bilelikde tagalla etmeklik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ykdysady, syýasy –aňyýetýaly görnüşleriniň döremegine getirýär.
Taryhy osüşde adamlar özleriniň hakyky adyna mahsus sypatlaryny döretmek we saklamak üçin birek – birek bilen aragatnaşykda bolmalydygy dogrusyndaky hakykaty özleşdirýärler. Adam özüne meňzeş beýleki adamlara seredip, olar bilen dürli gatnaşyklarda bolup, özüne adam hökmünde gatnaşykda bolýar.
Adamlaryň biri-biri bilen aragatnaşygy degişli toparlarda amala aşyrylýar. Toparlar göze görünýän, daşky we içki taýdan guralan hem-de göze görünmeýän., adamyň özüni aňlaýan ýa-da aňlamaýan häsiýetde belli bir durmuş toparynyh -agzasy hökmündegöz öňüne getirmegi, onuň kadalaryna eýermekligi häsiýetde bolýar. Dürli sebäplere görä jemgyýetden üzňe düşen adamlar ýaşalmaýan adalarda özlerini sosial toparyň hakyky agzasy ýaly özüni alyp barşyny şol öňki toparynyň, döwletiniň, medeniýetiniň kadalaryna laýyklaýar. Adamyň özüni alyp barşynda we işinde onuň toparlara goşulmaklygy bilen döreýän psihologiýay üýtgeşmeden hem-de toparyh psihologiýanamasyny derňeýän ylym jemgyýetçilik sosial psihologiýanamadyr. Her kes öz gündelik synlamalarynda käbir adamlaryň ýekelikde ýygra, özüne ynamsyz häsiýetiniň ol topara goşulanda dogumly, ugur tapyj’y, aragatnaşyga meýilli adama öwrülýandigine göz ýetirýär. Tersine, toparda aýak uçdaky orunlarda hereket edýäniň ýekelikde örän işjeň, öndürijilikli işgär häsiýetde bolýanlygy seýrek däldir.
Toparlar hakykywe şertligörnüşlere bölünýär. Belli bir giňişlikde we wagt kesiminde bir-birleri bilen özara gatnaşykda bolýan adamlar toplumy hakyky topardyr. Zähmet, okuw, sport, harby toparlar hakyky topara degişlidir. Haýsydyr bir şertli sypat esasynda bir bütewilige birleşdirilýän adamlar birleşmesine şertli topar diýilýär. Hasabatda ýüze çykarylýan ýürek—gan damar keselliler, test synagynda belli bir akyl -psihologiýa derejesini ýüze çykaran okuwçylar we beýlekiler şertli toparlaryň mysalydyr.
Bezirgen MAKSADOW
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyñ talyby