Dark
Light
24.01.2026
4oQiP72znl THE ASHGABAT TIMES

MÜSÜRDE, ULULYGY ŞARM-EL-ŞEÝH BILEN DEŇ, TÄZE DEŇIZ SYÝAHATÇYLYK KURORDYNY GURARLAR

15.02.2024

Müsüriň hökümeti Ortaýer deňziniň kenarynda BAE-den uly girdejili maýa goýumy uly syýahatçylyk kurordyň gurluşygyna goýmakçy. Ululygy Şarm-el-Şeýh syýahatçylyk zolagyna barabar bolan bu iri taslama, geçen hepdäniň iň möhüm wakalarynyň biri boldy.

   Geçen çarşenbe, 7-nji fewralda, Esasy Maýa goýum merkeziniň baş müdiri Hossam Haýba Müsürde Ortaýer deňziniň kenarynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýän taslama barada CNBC Arabia teleýaýlymynda gürrüň berdi.

   Gürrüň, deňziň demirgazyk kenarynyň ösüş maksatnamasyna girýän Ras-el-Hekma iri deňiz syýahatçylyk kurordyny döretmek barada gidýär. Taslama Müsüriň hökümeti we hususy kärhanalaryň hyzmatdaşlygynyň birleşmeginde durmuşa geçirilýär, şonuň üçin ençeme ýurtlaryň bileleşikleriniň maýa goýumçylaryndan dürli teklipler gelip gowuşdy.

   Netijede, taslama 22 mlrd amerikan dollaryny maýa goýjak BAE-niň konsorsiumy saýlandy, eger gerek bolsa ondan hem köp pul serişdesini goýmakçy. Bu pul möçberi birbada däl-de, eýsem gurluşyk möhletiň dowamynda giriziler. Hossam Haýbanyň aýtmagyna görä, häzir gepleşikler tamamlanýar we şertnamalara gol çekmäge taýynlyk görülýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2e522b8de8f9125b11365a6650089123 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

СЛУЧАЙНОСТЬ ИЛИ ЗАКОНОМЕРНОСТЬ?

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop