“TÜRKMENISTANYŇ ELEKTROENERGETIKA KUWWATY” atly kitabynyň ähmiýeti

19.03.2024

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza şeýle hem biz ýaş mugallymlara sowgat beren “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitaby 2022-nji ýylda Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Bu kitap türkmen, iňlis we rus ýaly 3 dilde neşir edilen.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda gazanylýan üstünlikler uly ähmiýete eýe bolmak bilen, ol watanymyzyň halkara derejesinde kuwwatly döwlete öwürmeklige uly ýardam edýär. Durmuşda elektrik energiýasyndan peýdalanmaýan adam ýokdur. Asuda, erkana ýurtda, Bagtyýar, eşretli ýaşaýyşy energetika pudaksyz göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi bu günki günde elektrik togy bilen hereket edýän, işleýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyza ykjam ornaşdy. Şonuň üçin hem energetika pudagynyň beýleki ugurlar bilen bir hatarda ösdürilmegine getirýär.

Ine, şeýle işlerden ugur alyp biz öz saýlap alan hünärimize buýsanýarys, guwanýarys, şonuň üçin yhlasly okaýarys hem-de öwrenýäris. Häzirki döwürde ýagny, berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrdy. Elektrik energiýasyny ösdürmeklik ýola goýulandan soňra, elektrik toguny has-da köp ösdürmek we ony tygşytly ulanmaklyk hem meýilleşdirildi. Öndürilýän elektrik energiýasyny daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Ýurdumyzda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan başgada paýtagtymyzda Aşgabatda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem täze kuwwatly elektrik beketleri gurulyp ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de has hem ösdürmek üçin birnäçe kararlar we kanunlar kabul edildi. Olardan “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy” “Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda” Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşuldy diýip aýdyp bileris. Halkymyzda ösen senagat ulgamy döredildi we ol barka kämilleşdirilýär.

Bize işlemäge, döretmäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryny sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Goý, olaryň umumyadamzat bähbitli, döwlet ähmiýetli belent tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Maksat HAÝYDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:23 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Iňlis dilini okatmagyň başlangyç tapgyrynda

Next Story

Zehiniň hötjetligi

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop