Nowruz geldi ilime

20.03.2024

Türkmen halky Milli bahar baýramyny- Halkara Nowuz günini şatlyk-şowhun bilen belleýär.

2009-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp dessurlaryny özünde jemleýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýip, tebigaty jana getiren Nowruzyň dünýäni täze keşbe getirişini wasp edipdir. Şahyryň “Güzeşt eýle” goşgusynda Nowruz baýramy çeper sözler bilen şeýle beýan edilipdir:

Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty,
Gije-gündiz hormaty,
Gürtahim güzeşit eýle!

Bar bolan maglumatlara görä, Nowruzyň gelip çykyşyny ýeke-täk bir çeşmä baglamak mümkin däldir. Orta Gündogarda Aziýa çenli bolan ýurtlarda bellenilýän Nowruz baýramy her milletiň öz medeniýeti bilen utgaşan aýratyn bir gündir.

21-nji mart bilen baglanşykly delile Akgoýunly türkmen döwletiniň meşhur hökümdary Uzyn Hasan döwründe duş gelmek mümkin. Uzyn Hasan tarapyndan taýýarlanylan kanunnamada hem mart aýynyň 21-i Täze ýylyň başlangyjy we sargyt ýygnamagyň ilkinji döwri diýip ýazylypdyr. Bu bolsa, Nowruzyň Akgoýunly türkmen döwletinde hem giňden bellenilip geçilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Nowruz baýramy türkmen döwletiniň düýbüni tutyjy Ysmaýyl şanyň döwründe hem bellenilipdir. Franzus syýahatçy Şardon Seferi hökümdary Süleýman şanyň döwründe Nowruz dabaralaryna gatnaşypdyr we bu dabaralar hakynda: “Köşgiň uly eýwanyna altyn we ýüpek bilen dokalan halylary owadanlap düşäpdirler, daş-töwerek ýüpek bilen örtilen palaslar bilen bezelipdir” diýip belläp geçipdir.

Nowruz bilen baglanyşykly maglumatlar edebi eserlerde hem öz beýanyny tapypdyr. ХIV asyrda ýaşap geçen Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Nowruz baýramy bilen bagly şeýle sözleri beýan edpidir:

Nowruzdyr jahan ýene, Nowruza başlagyl,
Diw u periýi terk kyl imruza başlagyl!

Yrak topraklarynda dünýä inen Muhammet Fizuly (1498-1556) bir şygrynda magşuk gyzy bilen duşuşanda şahyr köňlüniň her güni açylýandygyny, emma çyn gülleriň bolsa, ýylda diňe bir gezek Nowruzda açylyp bilýändigini şeýle beýan edipdir:

Her gün açar köňlümizdäki wisalün ýenleden,
Gerçi güller açmaga her ýylda bir Nowruz bar.

Aýgül KULYÝEWA
Aşgabat şäheriniň
ýöriteleşdirilen 16-njy
orta mekdebiniň okuwçysy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:02 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 16°C
облачно с прояснениями
Humidity 67 %
Pressure 1023 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy toýy mynasybetli Jennet Agaýewanyň moda sergisi

Next Story

Reýkýanes ýarym adasyndaky täze wulkan partlamasy

Soňkylar Makalalar

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly
GitTop