Türkmenistanyň Döwlet sirki “Ganatly Bedewler” atly sirk oýunlaryny tomaşa etmäge çagyrýar

14.05.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet sirki 2024-nji ýylyň maý aýynyň 18-19-na sagat 18:00-da görkeziljek «Ganatly bedewler» atly sahnalaşdyrylan sirk oýunlary görmäge çagyrýar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylaryň, «Pudel» güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:39 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 25°C
небольшая облачность
Humidity 27 %
Pressure 1014 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Janly organizmlerde signallaryň kabul edilişi, ýatda saklanylyşy we özgerdilişi

Next Story

Aşgabatda Disney-iň 100 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirilýär!

Soňkylar Habar

GitTop