Asman jisimleriniň görünýän ýerleşen ýagdaýlary we hereketleri öwrenilende gözegçilik edilýän pursat üçin belli bir takyklyk bilen olaryň ýerleşen ýagdaýlaryny kesgitlemek zerurdyr. Şonda olara çenli uzaklygy bilmek zerurlygy ýokdur, sebäbi hemme jisimler bize erkin radiusly sferanyň içki üstünde ýerleşen ýaly bolup görünýärler. Şonuň üçin ýagtyltgyçlaryň görünýän ýerleşen ýagdaýlary diňe ugurlar, özara ýerleşen ýagdaýlary bolsa ugurlaryň arasyndaky burç ýa-da merkezinden hemme burçlar başlanýan sferanyň uly aýlawlarynyň degişli dugalary bilen kesgitlenilýär.
Merkezi giňişligiň islendik erkin nokadynda ýerleşen, islendik radiusly, üstünde giňişligiň berlen nokadyndan kesgitli wagt pursady üçin asman jisimleriniň, ýagtyltgyçlaryň asmanda görünýän ýerleşen ýagdaýlary bellenen, hyýaly sfera asman sferasy diýilýär.
Şeýlelikde, asman sferasynyň merkezinde ýerleşen, göz öňüne getirilýän gözegçi hakyky gözegçiniň ýagtyltgyçlary asmanda görüşi ýaly, asman sferasynyň üstünde ýagtyltgyçlaryň özara ýerleşişini görmelidir.
Asman sferasynyň aýlanmasy asmanyň aýlanmasyna meňzeşdir. Asman sferasy asman jisimleriniň görünýän ýerleşen ýagdaýlaryny we hereketlerini öwrenmek üçin hyzmat edýändir. Degişli ölçeg-leri geçirmek üçin gerek bolan esasy çyzyklary we nokatlary asman ferasynyň üstünde belleýärler.
Kasymmyrat DURDYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy