abra THE ASHGABAT TIMES

Dinamika

16.05.2024

Dinamika mehanikanyň esasy bölümidir. Dinamikanyň üç kanu-ny esasynda jisimleriň Ýeriň üstündäki we asman jisimleriniň hereke-ti barada geçirilen köpsanly tejribeleriň we teoretiki maglumatlaryň netijeleri Nýuton tarapyndan umumylaşdyrylýar. Nýutonyň kanun-lary esasynda hereketiň dinamiki we kinematiki kanunalaýyklyklary biri-biri bilen baglanyşdyrylýar.

Nýutonyň birinji kanuny: Islendik jisim özüniň otnositel dynçlyk ýagdaýyny ýa-da deňölçegli we gönüçyzykly hereketini, tä başga ji-simler tarapyndan edilýän täsir ony şol ýagdaýdan üýtgetmäge mej-bur edýänçä saklaýar.

Jisime başga jisimler tarapyndan hiç hili täsiriň bolmadyk wagtynda onuň öňki tizligini saklamak häsiýetine inersiýa diýilýär. Şonuň üçin Nýutonyň birinji kanunyna inersiýa kanuny diýilýär.Nýutonyň birinji kanunyny gös-göni tejribeler arkaly barlamak mümkin däldir, sebäbi, biziň daş-töweregimizdäki jisimleri beýleki jisimleriň täsirinden goramak mümkin däldir. Biziň daş-töweregi-mizdäki jisimleriň görünýän adaty dynçlyk ýagdaýy dürli jisimleriň oňa edýän täsiriniň biri-birini kompensirleýändigi bilen şertlenen-dir. Hereket edýän jisime başga jisimler näçe gowşak täsir etse, ol özüniň tizligini şonça hem uzak wagtlap saklaýar. Käbir başlangyç tizlik bilen zyňylan daş ýeriň üstünden typyp barýarka, üst näçe düz bolsa, ýagny başga jisimleriň edýän täsiri näçe az bolsa, ol şonça hem uzaga gider.

Bir jisime beýleki jisimler ýa-da meýdan tarapyndan edilýän mehaniki täsiri häsiýetlendirýän fiziki ululyga güýç diýilýär. Güýç jisimleriň tizliginiň üýtgemesiniň sebäbidir. Täsir belli bir tarapa ugrukdyrylandygy üçin, ol wektor ululykdyr.Nýutonyň birinji kanuny ähli hasaplaýyş sistemalary üçin do-gry däldir. Mysal üçin, goý wagonyň gönüçyzykly we deňölçegli hereketi hasaplaýyş sistemasy bolsun, şonda wagonyň sandyrama-syny göz öňünde tutmasak, wagona görä dynçlykda duran jisimlere beýleki jisimler täsir etmese, olar öz-özünden hereketlenmeýärler. Ýöne welin, wagon öwrülende, tormozlanyp ýa-da gidişini tizlendirip başlanda Nýutonyň birinji kanuny mese-mälim bozulyp başlaýar: şol wagta dynçlykda duran jisimler gyşaryp, ýykylyp başlaýarlar.

Nýutonyň birinji kanuny mese-mälim bozulyp başlaýar: şol wagta dynçlykda duran jisimler gyşaryp, ýykylyp başlaýarlar. Nýutonyň birinji kanunynyň ýerine ýetýän hasaplaýyş sistemasyna inersial sistema diýilýär. Hasaplaýyş sistemasynyň inersial sistema-sy diýlip, dynçlykda duran ýa-da bolmasa, başga bir inersial siste-ma görä deňölçegli we gönüçyzykly hereket edýän sistema aýdylýar. Nýutonyň birinji kanunynyň ýerine ýetmeýän sistemasyna inersial däl sistema diýilýär

Gülzada HUDAÝBERGENOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
scale 1200 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Asman sferasy

turkmenistanrussiya federasiyasynyn tatarystan respublikasy netijeli hyzmatdaslyk pugtalandyrylyar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTAN—RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY: NETIJELI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop