Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynyň sportuň şu görnüşini döredijiler hasaplanýan Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşşepkowyň hem-de Wiktor Spiridinowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp guralýandygyny bellemelidiris.
Ýaryş 1980-nji ýylda sambony esaslandyryjylaryň biri hasaplanýan Anatoliý Harlampiýewiň ömrüniň soňky ýyllarynda işlän ýeri bolan Moskwanyň energetika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň başlangyjy bilen döredildi.
22-nji martda Moskwanyň halkara sambo merkezinde her ýyllyk asylly däbe öwrülen ýaryş — Sambony esaslandyryjylaryň Kubogy badalga aldy.
Ýaryşa 13 döwletden 250-den gowrak türgeniň gatanaşandygyny bellemek gerek. Bu ýerde Türkmenistandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Germaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Koreýa Respublikasyndan hem-de ýaryşyň ýer eýesi bolan Russiýa Federasiýasyndan iň güýçli türgenler düşekçä çykdylar.
Samboçylar medallar toplumynyň 21-si (erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 7 hem-de söweş sambosyndan 7 agramda) ugrunda ýiti göreşe girdiler.
Birinji ýaryş gününde türkmen türgenleri sport sambosyndan dört medal gazanmagy başardylar. Şolaryň biri altyn, ikisi kümüş, ýene biri bolsa bürünç medallardyr.
Jemal Awlýakulyýewa 65 kg çenli agram derejesinde altyn medal gazandy. Kümüş medallara bolsa Nyýazmyrat Babekow (64 kg) hem-de Nedir Allaberdiýew (79 kg) eýe çykdy. Saodat Işmuradow 80 kilograma çenli agram derejede hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy.
Türkmen türgenleri Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynyň 4 medalyny gazandylar
Soňkylar Habar
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
«Altyn asyr» elektron gazetinde paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin