Adamzat ýer togalygynda peýda bolany bäri ähli meŷdan-çäklerde zähmet bölünişigi bar diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Bu taglymatyň döreýşiniñ, emele gelşiniñ köp sebäpleri bar. Geografiki zähmet bölünişigi tebigy şertlere, taryhy ýagdaýlara, ilatyň sowatlylyk derejesine, başarnyklaryna, zähmet endiklerine we başga-da birnäçe sebäplere bagly. Her bir maşgaladan başlap dünýäniň ähli döwletlerine mahsus taglymat hasaplanýar. Geografiki zähmet bölünişigi aýratyn alynan maşgala, oba, şäherçä, şähere, etraba, welaýata, döwlete we döwletler toplumyna häsiýetli.
Bazar ykdysayýetine geçiş döwründe islendik döwletiň we şol sanda Türkmenistanyň milli hojalygyna dünýä ykdysadyýeti öz täsirini ýetirýär. Milli ykdysadyýetlere garanda dünýä hojalygynyň hem özboluşly meseleleri bar. Ýerlerdäki, döwletlerdäki, sebitlerdäki geografiki zähmet bölünişigi dünýä hojalygynyň zähmet bölünişiginiň özeni bolup durýar.
Häzirki zaman şertlerinde halkara zähmet bölünişigi döwletleriň çägindäki zähmet bölünişigine öz täsirini ýetirýär. Halkara zähmet bölünişiginiň esasynda ykdysadyýet halkara we bütindünýä häsiýete eýe bolýar. Oňa esasan 2 topar şertler täsir edýär: halkara hyzmatdaşlyk (milli hojalygyň ýakynlaşmagy sebäpli) we döwletara önümçilik toplumynyň döredilmegi bilen döwletara guramalary emele gelýärler. Döwletara korporasiýalar dürli döwletlerdäki milli hojalyklary diňe bir geografiki görkezijileri boýunça däl-de, eýsem has çuňňur ýöriteleşmegi we önümçiligiň jebisleşen özara baglanşygy (kooperasiýasy) esasynda birleşdirilýär. Geografiki zähmet bölünşigi esasynda dünýäniň döwletleriniň arasynda haryt alyş-çalyş, satuw işleri amala aşyrylýar we bütindünýä hojalygynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan Altyn Asyryň ―Galkynyşlar we özgertmeler zamanasynda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmak üçin onuň zähmetkeş raýatlary jan edýärler. Önümçilik kärhanalary, döwletler öz öndürýän önümlerini diňe bir özleri üçin däl, eýsem goňşydöwletler üçin hem öndürýärler. Türkmenistan hem şu önümçilik baglanyşygyna girýär.
Babamurat BALTAÝEW
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby