Magtymguly Türkmeniň modern milli edebiỳatynyň düỳbüni tutyjydyr

25.03.2024

Türkmen edebiyaty, umumy-türk edebiýatynyň aýrylmaz bir bölegidir. Sebäbi, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, türkmen milleti, türki halklaryň we türk dünýäsiniň iň gadymy agzalarynyň biri, hatda onuň köki hem gönezligidir diýsek-de öte geçdigimiz bolmaz. Hut şonuň üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, umumy-türk edebiýaty bilen birlikde, hatda bütin Gündogar edebiyatynyň çygrynda ele alyp öwrenmelidiris. Biz munuň şeýledigini beýik şahyryň ölmez-yitmez diwanynda-da görýäris. Magtymgulynyň eserinde umumy-türk edebiýatynyň, ylaýta-da Ýusup Balasagunlynyň “Kutatgu-Biligi” (11-nji ýüzýyl), Ahmat Ýasawynyň “Diwany Hikmeti” (12-nji ýüzý.), Rabguziniň “Kysasol-Enbiýasy” (14-nji ýüzý.), şonuň ýaly-da Ema-deddin Nesiminiň, Alyşir Nowaýynyň, Muhammed Fuzulynyň we başgalaryň täsirini we yzy-ny görýäris. Bulardan başga-da şahyryň bütin arap we pars dillerinde ýazylan edebiýat bilen-de doly tanyşdygy bellidir. Şu aşakdaky setirlere üns bereliň:

Jam göterip, baryp ỳetdim bir bapdan,
Hyrka geỳip, il içinde san bolsam;
Tün içinde baryp beỳtulla tapdan,
Zar ỳyglaỳan sahyplara hun bolsam.

Abu Sagyt, Omar Haỳỳam, Hemedany,
Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,
Jelaleddin Rumy, “Jame ul-many”,
Alarnyň jaỳynda men hem kän bolsam.

Damganyda ỳörgen ussat Nowaỳy,
“Çar diwany”, “Perhat-Şirin” zybany,
Zahyreddin Babur, “Mizan-owzany,
Gaşlaryna baryp men Mejnun bolsam.

Okyp bildim Sagdynyň men “Bostanyn”,
Gör, ne ajap Hakanynyň “Medỳny”,
Istär men “Şahnama”, “Sakynamany”,
Halyf Omar birlen Süleỳman bolsam.

Salaman Afsaly serhoş eỳleỳip,
Bahram Gury tutup, medhuş eỳleỳip,
Azadul-döwläni bir guş eỳleỳip,
Abu Mähfuz, Gyzyl Aslan han bolsam.

Arbalet golunda, eỳ Magtymguly!
Rüsteme Isgender hiç tutmaz ỳoly,
Ne bolsa, bilgeỳ sen ilat hyỳaly,
Dertliler öňünde men Lukman bolsam.

Bilşimiz ỳaly, 18-nji ỳüzỳyla çenli Türk dünỳäsiniň resmi edebiỳatynda ulanylỳan edebi dil, Arap-Täjik sözleri köp garyşan „Çagataỳ“ türkçesidi, hatda Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady-da öz „Wagzy Azat“ kitabyny şol dilde ỳazypdyr. Emma Magtymguly öňki däbi ỳöretmegiň ỳerine öz milletiniň ruhy dünỳäsini has baỳlaşdyrmak we gözỳetimini has giňeltmek maksady bilen, halk köpçülügine düşnükly hem ruhuna uýgun şekilde„Türkmen milli edebiỳaty“nyň düỳbüni tutỳar. Ol, bu ägirt uly hem çäksiz gymmatly işi durmuşa geçirmek üçin, mesnewi, murabbag, muhammes ỳaly arap aruz istiliniň ỳanynda, gadymy oguz däbi bolan goşuk (goşgy) istiline has agram berýär. Munuň üçin bolsa ol, bir tarapdan biziň baỳ halkdöredijiligimizde belki müňlerçe ỳyl ỳaşap sünnälenip gelen halk aỳdymlarymyzdan, atalar sözümizden, hüwdilerimizden, lälelerimizden… egsilmez çeşme hökmünde peỳdalansa, ỳene bir tarapdan bolsa keseki sözleriň ýerine türkmen we beỳleki türki halklaryň dillerinde bar bolan sözleri ulanmaga çalyşỳar.

Bezirgen MAKSADOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:26 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otlynyň synaglary tamamlandy

Next Story

Bilermeniň pikiri: Nawigasiýa möhürleriniň ulanylmagy ýük daşaýjylaryň çykdajylaryny 20% ýokarlandyrar

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop