TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝETIŇ ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY

25.03.2024

Şu ýylyň 23-24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýeti gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy.

Forumyň işinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy babatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barada belledi.

Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada aýratyn bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Başlygy Tulia Akson bilen duşuşygy guraldy.

Möhüm çärä çakylyk we onuň işine gatnaşmaga mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapy Türkmenistan bilen Parlamentara Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýratyn belledi.

Parlamentara Bileleşigiň Başlygy öz gezeginde Türkmenistanyň zenan parlamentarileriniň milli Parlamentiň düzüminde we halkara giňişliginde işjeňligine ýokary baha berdi.

Parlamentara Bileleşigiň Başlygynyň şol bir wagtda Tanzaniýanyň Parlamentiniň wekili bolmak bilen, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirmegi ünsi çekdi.

Bu babatda türkmen tarapy Tanzaniýanyň wekiliýetini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.

24-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň, şol sanda 55 ýurduň milli parlamentleriň ýolbaşçylarynyň wekilçilik eden Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin derejede, şol sanda parlamentara diplomatiýasynyň gurallary arkaly parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde amala aşyrylýan başlangyçlary barada durup geçdi, bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny belledi.

Şeýle hem şu ýyl Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen sebitleýin maslahatyň guralmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi we bu çäräniň işine işjeň gatnaşmaga çakylyk beýan edildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy guraldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşýan ýurtlaryň, aýratyn hem, kanunçykaryjy edaralaryň döwrüň meselelerini çözmekde öz işlerini sazlaşdyrmagynyň mümkinçiliklerini görkezmekde bu halkara çäreleriň ähmiýetini bellediler.

Parlamentara Bileleşiginiň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirildi. Guramanyň ýolbaşçy düzümlerinde Türkmenistanyň wekilçilik etmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ýaş parlamentarileriň forumyna gatnaşdylar we çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň çygrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:47 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Bilermeniň pikiri: Nawigasiýa möhürleriniň ulanylmagy ýük daşaýjylaryň çykdajylaryny 20% ýokarlandyrar

Next Story

Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop