Dark
Light
25.01.2026
e0662a83ff99627c9186d53f47b15bdb THE ASHGABAT TIMES

Guýynyň geolog-geofiziki kesiginiň gurluşy

17.05.2024

Meýdanda ýeke-täk guýyda geçirilen geofiziki işleriň netijesi, şol guýynyň doly geologiýa ýada geolog – geofiziki kesigini düzmekde esasy maglumatlaryň biri bolup durýar.

Her bir guýynyň geolog-geofiziki kesigi düzülende, onda çözülýän esasy mesele, burawyň dowamynda guýyda geçilen kesigiň dag jynslaryny olaryň fiziki alamatlary boýunça aýry-aýry gatlaklara bölmek we ol gatlaklaryň ýaşyny kesgitlemek.

Uly regional meýdanlara ýaýramaýan gatlaklary özbaşyna böleklere bölende olary belgilemek üçün bütündünýä belgileri bilen aňlatmak hökmany däl, iň gowusy rim sanlary bilen ýa-da elipbiýi bilen san gatyşdyryp hemde şol welaýata degişli nebitgazly meýdanlaryň ady bilen belleseň bolýar.

Şu suradyň üsti bilen bir guýyda geçirilen kesigi gatlaklara bölmek üçün mysal getreýliň. Gatlagyň aşak (1123 m. aşak) bölegi T-4 paçka görnüşinde bölünýär. Ol uly garşylygy, uly döredilýän radioaktiw derejesi hemde kiçi (minimum) tebigy radioaktiwligi we polerizasiýasy bilen häsýetlendirilýär. Bu paçka hek daş gatlagyndan durýar.

Ondan ýokarda gelýän T-5 (1096-1123m.) paçkanyň jynslary garşylygyň, döredilýän radioaktiwligiň aşak derejesi, hem-de tebigy polerizasiýanyň we radioaktiwligiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu paçka toýunly hek daşyndan düzülendir, onda üç gatlak özboluşly bölünýär, olar hem öz gezeginde her haýsy KS-iň we NGK –nyň diagrammalarynyň tapawatlandyryşyna görä üç sany kiçiräk gatlaklara bölünýär. Bu kiçi gatlaklar goňşy meýdandada örän oňat görünýär.

Ondan ýokarda T-6 (1085-1096m.) aşaky gatlaga garanyňda bir näçe ýokary garşylykly toýunly hek daşy ýerleşendir.Bu paçka bir näçe ownuk gatlaklardan düzülendir, onuň eteki böleginde PS-iň uly bolmadyk minumy görkezilýär.

T-7 nji paçka 1066-1085 aralykda KS-iň we döredilen radioaktiwligiň ýokary derejesi bilen, hem-de tebigy polerizasiýanyň we radioaktiwligiň aşakdaky gatlaga garanda birden aşak gaçmagy bilen örän oňat tapawutlanýar. T-7 nji paçka iki sany gatlaga bölünýär T-7a we T-7b.

Orazmyrat TOÝLYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

scale 1200 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nebit we gazyň şepbeşikligi we dykyzlygy

b15c1c6641da23502aa683a19ec0f052 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda yşyklar gaýtadan geçiriler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop