21 sany söwda geleşikleri hasaba alyndy

26.03.2024

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Pakistandan hemde Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary satyldy.

Geleşikleriň jemi bahasy 46 million 102 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 million 681 müň 300 manatlykdan gowrak bolan nebit bitumyny, parafin gaçyny, polipropileni, türkmen el halylaryny we nah ýüplügini satyn aldylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:55 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

GADYMY ÄNEW MYHMANLARY GARŞYLAÝAR

Next Story

AGAÇLAR HAKYNDAKY TÄSINLIKLER

Soňkylar Ykdysadyýet

Maýa goýum forumy — mümkinçilik giňişligi

15.09.2024
Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy faktorlaryň biri. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär.

Aýdyň maksatlara ugur alyp

08.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly, okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli
GitTop