Köpet dagynyň eteginde ýerleşýan Nowruz ýalasyndaky Aköý binasynda geçirilen açylyş dabarasynda, diňe bir türkmen watandaşlarmyzyň gatnaşmagynda däl-de goňşy döwletlermizden myhmanlarmyzyň sanawynda Turkiýa, Özbekistan, Gazagystan, Gyrgyzystandan estrada ýyldyzlary we halk artislary gatnaşdylar. Türkmenistanyň estrada ýyldyzlaryndan Mähri Pirgulyýewa, Gülşat Gurdowa, Guwanç Ýazmämedow, Begmyrat Annamyradow, Ahmet Atajanow, Züleýha Kakaýewa, Parahat Amandurdyýew we halk artistlary we ýurdymyzyň bir naçe tanys toparlary gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly kalplara mähir nuruny çaýyp, Diýarymyza gadamyny basdy. Çünki döwür bagtyýar, döwlet bagtyýar bolanda ruhubelentlik bile garşylanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we halkara ähmiýetli çäreleriň, bäsleşikleriň, medeniýet ulgamynda halkara ähmiýetli çäreleriň ençemesi geçirilýär. Dabaranyň açylyşy Hormatly Prezidentimiziň iweren gutlag hatyny okalmagy bilen başlandy.