orumyň başynda Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri jenap Rýosukr Kozuke we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara gowy baha berdiler. Dowamly ösýän türkmen bazaryna ýapon kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
27-nji martda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi.
Oňa türkmen tarapyndan 30-dan gowrak, ýapon tarapyndan bolsa 100-e golaý ýolbaşçylar we wekiller gatnaşdyla.
Türkmen tarapy-da öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtadylar. Esasan-da iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynda nebit-gaz we nebithimiýa, himiýa we dokma, azyk senagaty, energetika, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe we bank pudaklaryny ösdürmekde, şeýle-de ýapon tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikler bar. Türkmen bazarynda iri ýapon kompaniýalarynyň iş alyp barýandygyny bellenilip, Ýaponiýanyň kiçi we orta telekeçilikde işleýän kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiliginiň öwrenilmegi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň daşary söwda işleri guramasynyň – JETRO-nyň wekilhanasyny açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edildi.