Dünýäniň ägirt uly ýel energetiki stansiýalary

20.02.2024

Ýel energetiki gurnawlarynyň kämilleşmegi hem-de adamzadyň “ýaşyl energiýa” bolan ýokary talaby bütin dünýäde iri ýel energetiki stansiýalary gurmaklyga getirdi.
Geliň şeýle desgalaryň iň ulusy bilen tanşyp geçeliň.
Gansu Ýel energetiki stansiýasy. Ýerüsti ýel energetiki stansiýa bolup, kuwwaty 7965 MWt. (Geljekde 20000 MWt çenli artdyrmaklyk göz öňüne tutulan)
Hytaýyň günbatar welaýatynda , Gobi çölünde ýerleşen bu “ýel parky” ýurtda ýel energetikasyny ösdürmek boýunça 6 sany has iri taslamalaryň biridir. Bu meýilnama 2020 – njy 20000 MWt kuwwata eýe bolar diýen çaklama esasynda 17.5 mlrd dollara barabar taslama bolmalydy. Onuň 2022-nji ýyldaky gurnama kuwwaty 10 GWt çenli artsa-da, iş ýüzünde kuwwaty 7965 MWt bolup galdy.
Bu ýel energetiki stansiýanyň pes görkezijileri aşakdaky ýagdaýlar bilen şertlendirildi:
• ýel energetiki stansiýa elektrik energiýasyny has köp ulanýan sarp edijilerden ýeterlik uzakda ýerleşýär.
• ýel energetiki stansiýalarynda öndürilen energiýanyň bahasy lokal kömür ýel elektrik merkezlerinde öndürilen energiýadan gymmat düşýär.
• iri sarp edijilere energiýany geçirmek üçin kämil elektrik geçiriji liniýalaryň we infrastrukturanyň bolmazlygy.
Meselem, Hytaýyň energetika boýunça Milli statistiki dolandyryş edarasynyň hasabaty boýunça 2015-nji ýylda bu stansiýanyň bar bolan mümkinçiliklerine garamazdan, ýelli wagtlaryň  39% den peýdalanylmandyr.
Mundan soň öndürijiligi ýokarlandyrmak boýunça birnäçe inžener çözgütler kabul edildi.

Mähri BATYROWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:23 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 16°C
облачно с прояснениями
Humidity 67 %
Pressure 1022 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň DIM-nde Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk

Next Story

Binagärlik stilleri barada

Soňkylar Makalalar

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly
GitTop