<<happy-horses.ru>> saýtynda ahalteke bedewiniň gelip çykyşy,onuň aýratynlyklary we türkmen halky üçin mukaddeslik derejesine göterilendigi barada gyzykly maglumatlary okamak bolýar.Şeýle hem ahalteke bedewleriniň suratlary bu internet sahypasyna aýratyn gözellik berýär.
сельхозпортал.рф internet sahypasynda şeýle setirleri okap,ahalteke atlaryna bolan buýsanjyň has-da artýar: ,,Ahalteke atlarynyň ýenede bir ajaýyp üstünlikleriniň biri 1960-njy ýylyň Rim olimpiadasynda atçylyk sportunyň baş öwretmek görnüşi boýunça gazanylan netijedir.Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ahalteke bedewiniň bu görnüş boýunça goýan rekordy häzirki wagtda hem saklanyp gelýär’’.
lovehorses.ru internet sahypasynda: ,,Iň bolmanda ýekeje gezek ahalteke bedewini gören adam bu behişdi jandarlaryň gözelligine we ajaýyplygyna guwanman bilmez’’ diýen ajaýyp jümleler bar.
animalreader.ru internet saýtynda : ,,Gadymy wagtlarda ahalteke atlary Parfiýa şalygynda,Türkmenistanda we Persiýada ösdürilip ýetişdirilipdir. Netijede bolsa diňe Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň tohumyny arassa saklap galmak başardypdyr”diýen ajaýyp jümleler bar.
calend.ru internet sahypasynda: ,,Ahalteke bedewleri tohum atlarynyň iň gadymy we ady äleme dolan şöhratly görnüşleriniň biridir” diýlip bellenilýär.
Eziz SAPAROW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby