Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Arkadagyň buýsanjy – Ahalteke bedewi

02.04.2024

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda uly üstünliklere beslenýär. Ýagny halkymyzyň milli buýsanjy bolan Ahalteke bedewleri we onuň gadymy şöhratynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ösdürilýändigi barada aýdylanda, milli buýsanjymyzyň özboluşlylygy hem-de olaryň aýratynlyklary barada hem bellemeli. Çünki dünýäde iň gadymy tohumdaky atlaryň biri hasaplanýan ahalteke bedewlerinde özüne mahsus aýratynlyklar jemlenendir. Munuň özi milli atşynaslyk ýörelgeleriniň we türkmen seýisleriniň yhlasynyň kämil derejä ýetirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi behişdi bedewlere we türkmen atşynaslaryna goýulan hormaty alamatlandyrýar. Ahalteke bedewleriniň taryhy mekany bolan türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bu atlar dünýä atşynaslaryny baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa ganly bedewleriň baş sanyny saklamak ugrundaky zerur işler hem esas döredýär.

Mahlasy, ahalteke bedewlerini seýislemek we ösdürip ýetişdirmek hem-de atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini işjeňleşdirmek meseleleri bu günki – günde kämil ýagdaýda ösdürilýär. Bu hem bolsa ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak gözelliginiň berkarar bolmagy bilen bir hatarda, milli atçylyk sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Akhanyň gazanan üstünligi türkmen bedewiniň abraýyny ýene-de bir gez belende galdyrdy, onuň şan – şöhratyny has-da artdyrdy. Meşhur atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen gaýtadan dikeldilýär.

Şeýle hem türkmen halkymyzyň öz at-abraýyny has-da belentlere galdyrmakda uly aladany edýän, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

Mekan TÄŽIÝEW
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň kätibi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

61d54013715e1137 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÝURDYŇ YKDYSADYÝETINDE AGROSENAGAT TOPLUMYNYŇ ROLY WE ORNY

barbara rush THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Altyn globusda ýeňiji bolan aktrisa Barbara Ruş 97 ýaşynda aradan çykdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop