Bitaraplyk binasy

02.04.2024

Dünýäniň iň täsin gurluşyk binalarynyň sanawynda Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynyň ady aýratyn agzalyp geçilýär.


Bina Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen 1996-1998-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň meşhur “Polimeks” gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurulýar hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň üç ýyllygy mynasybetli 1998- nji ýylyň 12- nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda açylýar.
Üç sany ýapgyt uly sütüniň üstünde otyrdylan köp gatly binanyň beýikligi 83 m deň bolup, onuň ýokarky böleginde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 12 metrlik altyn çaýylan heýkeli bardyr.  Bina göçürilmezin öň, bu gurluş günüň dogýan ugry boýunça ýuwaşlyk bilen aýlanyp, bir gije gündiziň dowamynda doly bir aýlaw edýärdi.


Binanyň merkezi okuny emele getirýän panorama liftinden bütin şäheriň durkuny synlap bolýar.
2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gol çekmegi bilen binanyň demontaž işlerine badalga berilýär. Binanyň ýokarky bölegindäki heýkeliň, binanyň özüniň, ýerleşýän ýeriniň üýtgedilmegi bilen bagly gaýtadan dikeltmek işlerine 2010- njy ýylyň ýanwar aýynda girişilýär. Işi ýene-de Polimeks gurluşyk şereketine ynynýarlar.


Bina 2011- nji ýylyň oktýabr aýynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda Bitaraplyk meýdançasynda gurlup taýýar edilýär. Täze binanyň beýikligi 95 m bolup, öňküsinden 20 m tapawut edýär. Täze binanyň özünde altynsow reňkler köp ulanylyp, üstündäki heýkel gozganmaýan görnüşinde gurnaldy.
Täze bina 2011- nji ýylyň 12 – nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Aşyrniýaz BAÝRAMOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:42 am, Sep 20, 2024
temperature icon 20°C
небольшая облачность
Humidity 42 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Dünýäniň iň uly Baýdak sütünleri

Next Story

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop