Domenialamatlaryň ähmiýetleri alynýan ähmiýetleriň jemi hökmünde kesgitläp bolar. Her alamat diňe bir domende kesgitlenip bilner, ýöne her domende köp sanly alamat kesgitlenilip bilner. Domen düşünjesine diňe bir maglumatlaryň görnüşi däl, eýsem maglumatlaryň ähmiýetler ýaýlasy hem girip biler. Mysal üçin, «Ýaşy» diýen domeni oňyn bitewi san hökmünde we işgäriň ýaşy alamatyny şu domene degişli alamat hökmünde kesgitläp bolar.
ERwinde domen diňe bir gezek kesgitlenip, logiki modeldede, fiziki modelde hem peýdalanylyp bilner. Domenler MBniň taslanýan tapgyrynda işläp düzüjileriň, ulgamyň ulanylýan tapgyrynda administratorlaryň maglumatlar bilen işlemegini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Logiki derejede domenleri anyk fiziki häsiýetleri görkezmezden beýan edip bolar. Fiziki derejede olar awtomatiki usulda özlerine mah sus häsiýeti (alamaty) alýarlar, olary el bilen ýeňil üýtgedip bolýar. Meselem, «Ýaşy» diýen domende «Number» usuly bolup biler, fiziki derejede domeniň sütünlerine INTEGER görnüşi berler.
Her domen belli bir peýdalanyjy tarapyndan (UDR) beýan edilip, teswirler ýada alamatlar bilen üpjün edilip bilner.
Kadyr BAÝRAMOW
Türkmenistanyň Inžener-teniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy