5lcgjhack9ic9gtv3nei4n5pwbesvl4zmc729ge5wwfqvnlfy28j9vdsjb7r THE ASHGABAT TIMES

Ukyp

04.04.2024

Ukypda adaty psihologikhadysalara mahsus bolmadyk özboluşlylyk bardyr: özüniň ýüze çykyşynda bir tarapdan ýokary derejedäki aýanlyk bolup, ikinji tarapdan bu aýanlyk onuň özüne doly degişli däldir. Adaty iş-ýumuş bitirmelerinde kemala gelýän şahsyýetiň gazanýan iş netijelerinde onuň haýsy böleginiň ukyp, haýsysynyň bolsa beýlekileriň gazananlaryna ýönekeý öýkünme, ýat tutma esasynda ýetilýändigini anyklamak aňsat däldir. Aýdaly, iki talyp tagtada şol bir temaboýunça birmeňzeş mukdar we hil möçberde mugallyma jogap berýär. Emma hünärmen psihologwe tejribeli mugallym bada-bat bu “meňzeşlikde” düýpli ukyplylyk aýrabaşgalygyny duýýar. Olaryň biriniň jogabyndankanagatlanylyp, ikinjisine bolsa ,Mundan has gowy jojap berip bilerdi” diýilýär. Görnüşi ýaly ukyp işden üzňe ýüze çykmaýan-da bolsa, şol bir wagtyň özünde işiň netijesinde gös-göni hem aýan bolmaýar. Eýsem işiň netijesinde ukybyň gös-göni aýanlygyny gabatlaýan zat näme?

Bu birinjiden, bu ýerde aýan edilmeklige degişli zat -şol talyplaryň her biriniň tema taýýarlanmaga sarp eden wagtynyň möçberi bolsa, ikinjiden olarda sapak özleşdirmek, onuň mazmunyny gaýtadan dikeltmek, dilüsti we dil üstidäl aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen ony gürrüň bermek boýunça başarnyk, endikleriniň derejesi, olaryň akgynlylygy, çeýeligi we beýlekilerdir. Biz bu ýerde ukybyň gös-göni bilim, başarnyk endige syrykdyrylmaýandygyna hem göz ýetirýäris. Bilim başarnyk, endikleriň ukyba gatnaşygy gurat ýa-da gurat däl saz guralynyň zehinli ýa-da zehinsiz sazanda gatnaşygy ýalydyr. Gurat bolmadyk saz guraly ussat sazandanyň çalşynyň görküni gaçyrýar. Ýöne aňrybaş naýbaşy dutar hem ortaça ýa-da körzehin sazandanyň mukamyny kaşañlaşdyryp bilmez.Zehinli okuwçynyň öz ýanyndan “temanyň düýp mazmunyny aňsam bes ony aýdyp beriş, beýan ediş başarnygym ähmiýetli däl” gatnaşykda bolmagy ussat sazandanyň gurat däl dutarda saz çalşy ýalydyr.

Zehinli, ýöne dürli sebäplere görä entek kaşañ sözlem düzüp, sözlere zerur äheňleri berip bilmeýän okuwçynyň çuň mazmunly jogaby guraksyrak, bu başarnyklary ezber özleşdirenleriňkiden birtaraplaýynrak kabul edilmegi mümkin. Tersine, töweregindäkilerden nähili sowala nähili jogap bermelidigini ýat tutma esasynda özleşdiren, emma ýumuş özgerdilende ony döredijilikli çozüp bilmeýän okuwçy daşyndan ukyply häsiýetde kabul edilip bilner.

Maral ORAZMYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1700196375909 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýade awtoulag önümçiliginde Eýran 16-njy orny eýeleýär

istock 909908760 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AI öldüriji maşynlaryň nädogry öwrülmeginiň öňüni almak üçin Pentagon tehnologiýanyň üstünde işleýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop