Dark
Light
25.01.2026
sdfdsfdss scaled THE ASHGABAT TIMES

Monokulýar alamaty name ?

11.04.2024

Diňe 2 göz bilen däl-de, bir göz bilen hem kabul edilýän giňişlik alamatlaryna monokulýar alamatlar diýilýär. Monokulýar alamatlaryň köpüsi statiki häsiýete eýedirler, ýagny, syn ediji we onuň görüş meýdanynda ýerleşýän obýekt hereketsiz bolmalydyr. Ýöne käbir alamatlar hereket bolanda ýa-da gözüň hereketiniň häsiýeti üýtgände döreýär. Hereketsiz sahnalary, suratlary, şeýle hem sungat döredijiligiň kabul edilişi statiki monokulýar alamatlara esaslanýar. Olara piktoral alamatlar diýilýär. Şeýle alamatlara döredijilik serişdeleriň kömegi bilen çuňluk we daşlyk berilýär, mahsus edilýär.

Interpozisiýa – bir obýektiň beýleki obýekt bilen doly däl ýapylmagy. Eger-de bir obýekt beýleki bilen bölekleýin ýapylsa, bütinleý görünýän obýekt has ýakyn görünýär. Interpozisiýa tanyş predmetleriň otnositel daşlygy barada köp maglumat berýär. Statiki piktoral alamat hökmünde ol örän täsirli, ýöne onuň kömegi bilen çuňlugy bahalandyryp bolmaýar.

Altyn BEGMYRADOWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

58f7f4d5bf164d4e2b811915e9eb8668d9917cd785760038249ba5fb10729036 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gün tutulma hadysasy bolup geçdi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mugallymyň zähmeti

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop