kmo 085553 03905 1 t222 195711 THE ASHGABAT TIMES

Reňkli görüş neýrobiologiýasy

11.04.2024

Reňkli görüşiň esasy taglymatlary. Reňkler barada garaýyşlar Elladada döreýär. B.e. öň V asyrda filosow Empedokl esasy dört sany reňkleriň barlygy barada pikirini beýan edip olaryň; gyzyl we sary, ak we garadygyny aýdypdyr. Olar “esasy dört elementi” düzýär –ot, ýer, howa, suwdiýip belläp geçýär. Görüşe Empedokl şeýle düşündirýär: gözden ownuk bölejikleriň akymlary “akýar”. Olar gabatlaşanda, görüş duýmasy, şol sanda reňkli görüş döredýärdiýip belleýär.

B.e. oň I asyrda Demokrit aýry-aýry reňkleriň tebigatyny atom taglymatynyň kömegi bilen düşündirmäge synanşýar. Ol hem 4 sany reňkli tassyklaýar. Alymlar şol döwürde reňklere uly üns beripdirler. Reňk baradaky taglymatda Platon (b.e. öň V-IV asyr) we onuň okuwçysy Aristotel (b.e. öň IV asyr) uly ähmiýet berýärler.Italýan suratkeşi Leonardo da Wnçi duýgy organlarynyň esasysy hökmünde göze uly orun beripdir.

Reňk baradaky döwrebap ylmyň esasyny I.Nýuton goýýar. Ol gün şöhlesini aýna prizmadan geçirip, kesgitli reňklerden ybarat bolan çyzga syn edýär. 1672-nji ýylda ol gün şöhlesiniň aýna prizmasyndan geçende, döwülýändigi habar berýär. Ak reňk görüş meýdanyny döredýän reňkli düşüjilere bölünýändigi ýüze çykaryldy. Bu düzüjiler garyşylanda ýene-de ak reňk döreýär.

Ak reňkiň bir görnüşli däl-de, birnäçe reňkleriň garyşmagynda döreýändigi ýüze çykaryldy. Ähli reňkler 2 topara bölünýärler: hromatik we ahromatik reňkler.

Ahromatik reňkler-hromatiki reňklere degişlidir. Ahromatik reňkler diňe açyklygy boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar. Hromatiki reňkler bolsa birnäçeaýratynhäsiýetnamalaryboýunça tapawutlanýarlar: reňkiň tony we doýgunlygy.Reňk tony ýagtylyk tolkunlary bilen kesgitlenýär.

Gara we ak reňk –bu ýagtylygy we garaňkylygy tapawutlandyrmagyň esasydyr. Meselem: gije-gündiz. Gyzyl reňk ýaşaýyş bilen baglanyşyklydyr. Sary we ýaşyl –iýmit bilen baglanyşyklydyr. Gök reňk bolsa ilkinji durmuş talaplaryna degişli däl.

Adatça gök reňkeelläp bolmaýan ýa-da reňkini ýitirýän zatlar degişli. Meselem asman, suw.

Aýgül SAPARAWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mugallymyň zähmeti

behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi Arkadag şäherinde geçiriler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop