Halyçylyk sungatynyň inçeligi

23.05.2024

Türkmen halylaryny bezeýän nagyşlar arkaly hakyky ýagdaý, daşky gurşaw, türkmen halkynyň ýaşaýyşy we durmuşy umumylaşdyrylyp, nepislik bilen beýan edilipdir. Eger nagyşlary içgin synlasaň, şolarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanşyp, şol halyny dokanyň haýsy taýpa degişlidigini, onuň haýsy welaýatda ýaşaýandygyny we onuň daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň neneňsidigini bilip bolýar. Galyberse-de, göller arkaly, mertlik, gahrymançylyk, ata Watana ygrarlylyk ýaly düşünjeler beýan edilipdir.

Adaty türkmen halylary dürli görnüşde bolup, bular biri-birinden nagyşlary, reňkleriň utgaşygy we dokalyşynyň tehnikasy bilen tapawutlanýar.

Bir argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 240—340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat (1-nji topar-ahal-teke halylary); Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 220—340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar (2-nji-topar-teke, pendi halylary); Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 174—232 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar (3-nji topar- ýomut, çowdur halylary); Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 156—200 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar (4-nji topar-beşir, kerki, gyzylaýak halylary); Şekilli we ýüz keşpli haly önümleri (5-nji topar).

Reňkleriň adaty ýerleşdirilişi: gyzyl, mämişi, gök, ýaşyl, ak, gara, goýy gyrmyzy, açyk goňur (mele), mawy, sary we beýlekiler. Halylar, esasan, 0,5-den 24 inedördül metre çenli möçberde dokalýar. Aýratyn iş buýurmalar boýunça meýdany 100 we şondan-da köp inedördül metre barabar uly halylar hem dokalyp bilner.

Jumasoltan ÖWEZOWA

Aşgabat şäherindäki Mehanika-Tehnologiki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:46 pm, Nov 27, 2024
temperature icon 12°C
переменная облачность
Humidity 62 %
Pressure 1009 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:59 am
Sunset Sunset: 5:48 pm
Öňki taryh

«Atalar pendi – nesillere dowamat» atly wagyz-nesihat çäresi

Next Story

Mugallym sarpa

Soňkylar Makalalar

Adamyň aýdym-saz bilen arabaglanyşygy

27.11.2024
Adam bedeni ýaşamak üçin kadaly iýip-içmäge, dem almaga mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan iýmitlenmäge hem zerurlyk duýýar. Aýdym-saza teşneligimiz, mahal-mahal özümiziň-de hiňlenip, joşubermegimiz hem

“Saglygym – baş baýlygym”

27.11.2024
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygydyr»

Mugallymyň jemgyýetdäki orny

27.11.2024
Jemgyýet, halk mugallyma birinji derejeli ähmiýet berýär, onuň asylly, jogapkärli käri bilen içgin gyzyklanýar, ýaşaýyş durmuşy barada alada edýär. Sebäbi mugallym ýaş nesli akylly-başly,

Jemgyýetiň jebisligi

27.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen
GitTop